SONICWALL KOMPANIÝASY ÖNÜMLERINDE HOWPSUZLYK GOWŞAKLYGY AÝYRDY
SonicWall kompaniýasy örän howply gowşaklygy aýyrmak üçin howpsuzlyk maslahatyny çykardy. Bu gowşaklyk (CVE-2022-22274) SonicOS ulgamynda buferiň aşa dolmagyna getirýän gowşaklyk bolup, «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny getirmek (DoS) we uzakalykdan kod ýerine ýetirmek mümkinçilikleri berip bilýär. Gowşaklyk SonicWall kompaniýanyň TZ tapgyrly torara ekranlaryň täze nesilleriň (NGFW), Network Security Virtual (Nsv) tapgyrly faýerwollaryň we Network Security services platform (Nssp) tapgyrly faýerwollaryň 7.0.1-5050 we has irki wersiýalaryna, 7.0.1-R579 we has irki wersiýalaryna, 6.5.4.4-44v-21-1452 we has irki wersiýalaryna täsir edýär.
Ulanyjylara SonicWall howpsuzlyk maslahaty bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär – sonicwall.com.