EMOTET BONETI GOOGLE CHROME ULANYJYLARY MAGLUMAT OGURLAÝAN MODUL BILEN ZÄHERLEÝÄR
Emotet botneti Google Chrome ulanyjylaryň akkauntlaryndan bank kartlarynyň maglumatlaryny ogurlaýan zyýanly moduly bilen zäherleýär. Maglumatlary (kartyň eýesiniň ady we familiýasy, möhleti, belgisi) ogurlap, zyýanly programma üpjünçiligi bu maglumatlary üçünji tarap C&C serwerlerine iberýär.
“Proofpoint bilermenleri iýun aýynyň 6-na E4 botneti tarapyndan iberilen Emotetyň täze modulyny ýüze çykardylar. Bu modul diňe Chrome brauzeriniň ulanyjylaryna gönükdirilip, olaryň bank kartlarynyň maglumatlaryny ogurlamak üçin niýetlenen maglumat ogurlaýan moduly bolup durýanlygy anyklanyldy. Jemlenen maglumatlar moduly ýükleýän serwere däl-de, başga C&C serwerine iberilýär”- diýip Proofpoint Threat Insights hünärmenleri habar berdiler.
Çeşme: cert.gov.tm